Written on
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan 15 — 17-nji aprel aralygynda Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada Hytaýyň DIM-iniň resmi wekili habar berdi.
Din Sýuesýan türkmen tarapynyň çakylygy boýunça HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň ýörite wekili hökmünde ýurda geler we «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyrynyň başlanmagy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşar.
Mundan başga-da, Din Sýuesýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk komitetiniň ýedinji mejlisine gatnaşar we hytaý tarapyndan oňa başlyklyk eder.