Written on
Türkmenistan bilen Özbegistan hususy pudagyň wekilleriniň arasynda göni aragatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu meselä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda ýekşenbe güni geçirilen duşuşykda garaldy.
“Dunýo” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ilerletmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň gatnaşmagynda 2026-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn çäreleriň toplumyna aýratyn üns berildi. Şu ýyl Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň bäşinji mejlisini guramak we bilelikdäki biznes-forumlary geçirmek meýilleşdirilýär diýip, habarda bellenilýär.
Söhbetdeşler iki ýurduň çäklerinde geçirilýän sergilere we forumlara kiçi hem-de orta telekeçiligiň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem sergi-ýarmarka işiniň ösdürilmeginiň göni hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna hem-de özara söwdanyň möçberleriniň artmagyna ýardam berjekdigi bellenildi.
Mundan ozal Türkmenistan bilen Özbegistan kärhanalaryň arasynda senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşypdylar.