Maý 2026: Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

Written on

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şu ýylyň 22-nji maýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler.

GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Igor Petrişenko bu barada Minskde geçirilen GDA-nyň Hemişelik wekilleriniň geňeşiniň mejlisinde habarçylar bilen söhbetdeşliginde aýtdy diýip, “BELTA” neşiri habar berdi.

Häzirki wagtda Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine ykdysady hyzmatdaşlyk, kongres-sergi işi, ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi we sanlylaşdyrma bilen bagly 11 meseläni girizmek teklip edilýär. Şeýle hem mejlisde 2027-nji ýyl üçin Minsk şäherine, 2028-nji ýyl üçin bolsa Karaganda şäherine GDA-nyň medeni paýtagty derejesini bermek baradaky meselä garamak meýilleşdirilýär.

Mejlis Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriler.

If you want to learn more about our services or have any questions, please contact us.