Written on
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda 2026-nji ýylyň 20-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stiwen Konlon bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyldylar.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň habar bermegine görä, taraplar türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki döwletiň migrasiýa babatda hyzmatdaşlygynyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda 2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) bilermeni Andreý Iowu bilen iş duşuşygy geçirildi.