Written on
Türkmenistan we Germaniýa ulag, energetika, “ýaşyl” özgertmeler, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Bu barada çarşenbe güni Berlinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren bilelikdäki duşuşygynyň dowamynda aýdyldy.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-german gatnaşyklarynyň depginli ösüşini bellediler hem-de sebit formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, şeýle hem halkara giňişlikde, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) çäklerinde özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Şol güni Ahmet Gurbanow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy departamentiniň direktory Dominik Mutter bilen hem duşuşdy.