Türkmenistan: “Merkezi Aziýa – Germaniýa” formatynda önümçilikleri döretmegiň geljegi uludyr

Written on

Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Germaniýa” formatynda sebit ýurtlarynyň çäginde bilelikdäki önümçilikleri, hyzmat we bilim merkezlerini döretmegiň geljeginiň uludygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň daşary işler ministri Ýohann Wadeful bilen geçirilen duşuşygynyň dowamynda aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary plenar mejlisde çykyş edip, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Germaniýanyň arasynda strategik dialogy pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Ministriň orunbasary ulag we logistika, energetika, senagat önümçiligi, himiýa senagaty, maşyn gurluşygy, saglygy goraýyş we farmasewtika, oba hojalyk-senagat toplumy, suw hojalyk toplumy, şeýle hem maglumat tehnologiýalary we emeli aň ulgamyndaky işläp taýýarlamalar boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Howa gün tertibiniň çäklerinde Türkmenistan ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmekde Germaniýanyň ornuna ýokary baha berdi hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşan goşandyny aýratyn nygtady.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar köpugurly hyzmatdaşlygyň giň gerimini öz içine alýan hem-de “Merkezi Aziýa – Germaniýa” formatynyň ösüşine goşmaça itergi bermäge gönükdirilen Berlin Jarnamasyny kabul etdiler.

If you want to learn more about our services or have any questions, please contact us.