Written on
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr-ulag geçelgesini ösdürmek, şol sanda Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi we Konstansa portlary arkaly ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu mesele Azerbaýjan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň direktory Parahat Jumaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Baku halkara deňiz porty” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory Eldar Salahow bilen Baku şäherinde geçiren duşuşygynyň dowamynda garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň ösdürilmegi bilen bagly meseleler, şol sanda ähli gyzyklanýan hyzmatdaşlar, aýratyn-da Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň strategik hyzmatdaşlygynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy, aýratyn hem Türkmenbaşy we Baku (Alat) halkara deňiz portlarynyň arasynda logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berilýändigi nygtaldy. Bu hyzmatdaşlyk özara söwda dolanyşygynyň artýan şertlerinde Hazar deňziniň üsti bilen ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga, Orta geçelgesini ösdürmäge hem-de iki ýurduň arasyndaky ulag gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir.
Taraplar ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak, serhetüsti we gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, şeýle hem tarifleriň peseldilmegi boýunça bilelikde görülýän çäreleriň multimodal gatnawlaryň we üstaşyr konteýner daşamagyň ösmegine itergi berendigini bellediler.
Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr-ulag geçelgesi Merkezi Aziýany Azerbaýjan, Gruziýa we Rumyniýa arkaly Ýewropa bilen baglanyşdyrýan multimodal ulag ugrudyr.