Written on
Hytaý 2025-nji ýylda umumy bahasy 8,41 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen tebigy gazyny import etdi. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habarlar gullugy sişenbe güni habar berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň A, B we C şahamçalary boýunça her ýyl Hytaýa takmynan 40 milliard kub metr türkmen tebigy gazy eksport edilýär. D şahamçasy doly işe girizilenden soň bu möçberi 65 milliard kub metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa türkmen tebigy gazynyň iberilişiniň durnuklylygyny ösdürer.
Hytaýyň CNPC kompaniýasy şu ýylyň başynda dünýäde iň iri “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmäge girişer. Bu tapgyryň taslama kuwwaty ýylda 10 milliard kub metr tebigy gaz öndürmäge niýetlenendir.
Mundan başga-da, şu ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 9 milliard 164 million 931 müň ABŞ dollaryndan geçdi.