Written on
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
«UNAOC: Adamzadyň bähbidine iki onýyllyk dialog: köppolýarly dünýäde özara hormat goýmagyň we düşünişmegiň täze döwrüni öňe sürmek» atly mowzuga bagyşlanan forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan milli hökümetleriň wekillerini, öňdebaryjy ýaşlary we zenanlary, şeýle hem raýat jemgyýetiniň institutlarynyň we media düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow öz çykyşynda halkara gatnaşyklarda ynanyşmagyň gowşamagy we polýarlaşma şertlerinde BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň ähmiýetiniň artýandygyny nygtamak bilen, onuň işiniň Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy bilen sazlaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň bilen bilelikde durmuşa geçirilmegi teklip edilýän Türkmenistanyň başlangyçlaryny hödürledi. Olaryň hatarynda parahatçylyk we araçylyk medeniýetini öňe sürmek, ynsanperwer we medeniýetara dialogy ösdürmek, parahatçylyk döredijilikli hyzmatdaşlygyň sebit we ýaşlar platformalaryny döretmek, şeýle hem halklaryň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak ýaly ugurlar bar.
Forumyň jemleri boýunça Bileleşigiň geljekki ösüş tapgyryny kesgitleýän Er-Riýad Jarnamasy kabul edildi.