Written on
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + ABŞ» formatyndaky Sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Bu barada TDH habar berýär.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary ugratdylar.
Häzirki wagtda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa + ABŞ» formatyndaky Sammite gatnaşmagy türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ilerletmekde netijeli bolar.