Türkmenistan we Italiýa aragatnaşyk, kiberhowpsuzlyk we energetika ugurlarynda hyzmatdaşlyk eder

Written on

Ozal habar berşimiz ýaly, Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem gatnaşdy.

Soňra mowzuklaýyn bölümlerde dowam eden forumda energetika we ulag ýaly möhüm strategik pudaklara aýratyn üns berildi. Foruma gatnaşyjylar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle hem ulag-üstaşyr infrastrukturany ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Forumyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen «Leonardo-Societa per azioni» kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Leonardo-Societa per azioni» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Pietro Fiorentini S.p.A» italýan kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi hem guraldy diýip, TDH ýazýar.

If you want to learn more about our services or have any questions, please contact us.