Written on
Russiýanyň kompaniýalary Türkmenistanyň energiýa pudagy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler we öz önümleriniň öndürilişini ýurtda ýola goýmaga taýýardyrlar. Bu barada «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2025» atly halkara serginiň çäklerinde kompaniýalaryň wekilleri habarçylara aýtdylar.
Ýekaterinburg şäherinden gelen «WIP» ylmy-önümçilik toplumy Türkmenistanda energiýa kompaniýalary üçin barlag-ölçeg enjamlarynyň önümçiligini ýola goýmaga taýyndygyny mälim etdi.
— Biz bu ýere barlag-ölçeg enjamlary, basyş datçikleri we üznüksiz elektrik üpjünçilik ulgamlary bilen geldik. Ähli önümimizi doly tehnologik dolanyşykda öndürýäris we ony «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenenergo» ýaly kompaniýalara hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän kärhanalara teklip etmäge taýýar — diýip, «WIP» kompaniýasynyň kommersiýa direktory Sergeý Grişin aýtdy.
Onuň sözlerine görä, kompaniýa türkmen bazarynda uly mümkinçilikleri görýär we öz önümleriniň öndürilişini ýurduň çäginde ýerleşdirmäge taýýar.
— Biziň önümlerimiz modul gurluşly, şonuň üçin önümçiligi gysga wagtda ýerleşdirmäge mümkinçilik bar — diýip, ol düşündirdi.
Grişin «WIP» kompaniýasynyň «Rosneft», «Gazprom», «Tatneft» ýaly iri energiýa kompaniýalaryna enjamlar getirýändigini belläp, şeýle diýdi: — Biz Gazagystan, Özbegistan, Ermenistan, Belarus ýaly ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edýäris, şeýle hem Hytaýa eksport amala aşyrýarys.
Türkmen bazaryna gyzyklanma bildirýänleriň arasynda Swerdlowsk oblastyndan «Kuşwinskiý turba zawody» söwda öýi hem bar.
— Biz guýy burawlamakda, nasos-kompressor ulgamynda ulanylýan turbalary öndürýäris we satýarys. Eksport boýunça Özbegistan we Gazagystan bilen işleýäris. Türkmenistana ilkinji gezek geldik, bu bazara çykmak islegimiz bar — diýip, kompaniýanyň direktory Ewgeniý Murawýew aýtdy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahat we sergi 22 — 24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýär. Oňa 70 ýurtdan wekiller we kompaniýalar, Türkmenistanyň energiýa pudagyndaky kärhanalar, degişli ministrlikler we edaralar, şeýle hem halkara guramalar gatnaşýarlar.