Türkmenistanyň çägi bilen Hytaýdan Azerbaýjana çenli halkara üstaşyr ýük gatnawy ýola goýuldy

Written on

Hytaýyň Kaşgar şäherinden Azerbaýjana çenli ilkinji halkara multimodal konteýner gatnawy işe girizildi. Bu ugur boýunça ýükler Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan ugry boýunça daşalýar. Bu barada «Uztemirýulkonteýner» habar berýär.

Logistik ulgam boýunça ýükler ilki bilen Hytaýyň Sian we Çendu şäherlerinden Kaşgara çenli demir ýol arkaly getirilýär. Soňra konteýnerler Kaşgardan Gyrgyzystanyň Oş şäherine çenli awtoulag arkaly daşalýar. Oşdan bolsa ýükler demir ýol arkaly Türkmenbaşy portuna ýetirilýär. Şol ýerden deňiz ýoly bilen Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine ugradylyp, ahyrky nokadyna eltilýär.

If you want to learn more about our services or have any questions, please contact us.