Türkmenistanyň we Horwatiýanyň DIM-leriniň arasynda 2026-2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi

Written on

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabatda saparda bolýan Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Taraplar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki we iň ýokary derejedäki gepleşikleriň hem-de saparlaryň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Iki ýurduň halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň, ÝB-niň, ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Horwatiýanyň Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini hem-de sebitde we onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy bellenildi.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde söwda-ykdysady ugur bellenildi. Gämi gurluşygy, derman senagaty, gurluşyk we dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar, syýahatçylyk we beýleki birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, bilim, ylym we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda gatnaşyklary berkitmäge bolan özara gyzyklanmany beýan etdiler.

Taraplar Türkmenistanyň we Horwatiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Şeýle-de şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň hem-de Horwatiýanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda Işewürlik forumy geçirildi.

If you want to learn more about our services or have any questions, please contact us.