Written on
Aşgabat şäheri boýunça iş saparynyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi we käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynda wise-premýer B.Annamämmedow ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer B.Orazdurdyýewa bolsa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guraljak dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şeýle-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurtda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini, raýatlaryň saglygyny goramak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ýurduň ähli künjeklerinde köp sanly halkara saglyk merkezleriniň, döwrebap hassahanalaryň, häzirki zaman saglyk öýleriniň gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany düýbi tutuljak saglygy goraýyş maksatly desgalaryň hem ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli saglygy goraýyş desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gowy taýýarlyk görmegiň, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça degişli guramaçylyk işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.