Written on
Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtda we ýurduň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ir bilen döwlet Baştutany Aşgabadyň günorta künjegine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti mähirli garşylanyldy.
Wise-premýer B.Annamämmedow gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, şol sanda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ähli binalarda bolşy ýaly, Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň saglyk edaralarynyň ylmyň soňky gazanan döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow täze saglygy goraýyş desgalarynda zähmet çekjek lukmanlaryň ýokary hünär derejesini üpjün etmek meselesine möhüm ähmiýet bermelidigini we bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, hususan-da, onlaýn okuw sapaklarynyň guralmagynyň zerurdygyny belledi.