Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi

Written on

Şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew sapar bilen Türkmenistana geldi. Belent mertebeli myhmany Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde wise-premýer N.Atagulyýew we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn sammit geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem Awaza gelendigini we ikitaraplaýyn gepeşikleri geçirendigini habar beripdik.

Bellenilişi ýaly, sammitiň gün tertibine laýyklykda, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we çuňlaşdyrmak, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energiýa hem-de ynsanperwer ugurlar boýunça pikir alşylar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça bilelikdäki resminamalara gol çekilmegi hem-de ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

If you want to learn more about our services or have any questions, please contact us.