Written on
Türkmenistanyň GDA-daky hemişelik wekili Nazarguly Şagulyýew Belarus Respublikasynyň Beýik Watançylyk urşy taryhy döwlet muzeýinde geçirilen «Geçmişi ýatda saklap, geljegi gurmak» atly fotoserginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Bu giň gerimli fotosergi Hytaý halkynyň ýapon basybalyjylaryna garşy garşylyk görkezme urşunda we faşizme garşy alnyp barlan Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp guraldy. Sergi Hytaý Halk Respublikasynyň Belarusdaky ilçihanasy we Hytaýyň «Sinhua» habarlar agentligi tarapyndan guraldy — diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Dabaraly açylyş çäresine GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, GDA-nyň düzümindäki döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekiller geňeşiniň agzalary, Belarusyň döwlet edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalary, daşary ýurtlaryň diplomatik korpusynyň wekilleri, ýaşlar we ýurduň döredijilik intelligensiýasy gatnaşdylar.
Sergi «Sinhua» agentliginiň we Nankin şäherinde bolup geçen köpçülikleýin gyrgynçylygyň pidalarynyň ýadygärlik muzeýiniň arhiwinden alnan 70 sany gymmatly taryhy we häzirki zaman suratlaryndan ybarat bolup, Hytaýyň milletiniň dünýä ýüzünde faşizme garşy alnyp barlan urşa goşan ägirt uly goşandyny görkezýär.