Türkmenistanyň Prezidenti kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Written on

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy, Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň orunbasary — “Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, älem giňişligini özleşdirmekde alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

If you want to learn more about our services or have any questions, please contact us.