"Caspian Offshore Construction LLC" kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasyna "TurkmenAlem52.0E" emeli hemra arkaly hemra internet hyzmatlary berler

Ýazylan 30.06.2022

“TurkmenAlem52.0E” Milli emeli hemra aragatnaşygy älem giňişligine çykarylandan bäri, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda aragatnaşyk hyzmatlaryny üstünlikli hödürleýär. 7 ýyl bäri onlarça kompaniýa we döwlet edaralary biziň hyzmatlarymyzy peýdalanyp gelýär we hemra aragatnaşygy arkaly bazaryny giňeltmegi dowam etdirýär. Bu kompaniýalaryň biri Caspian Offshore Construction LLC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasydyr.
CJSC "Türkmen hemrasy" we "Caspian Offshore Construction LLC" kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy, Hazar deňzinde kompaniýanyň gämisi üçin hemra internet kanaly bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşdy.

Eger-de siz, biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin bilmek isleseňiz ýa-da sizde soraglar ýüze çykan bolsa, onda haýyş edýäs, biz bilen habarlaşyn.